Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

  • şu gün 16:13
  • 2k+

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6 kilometr aralyga köpçülikleýin ýaryş guralar.

Bu çäräniň esasy aýratynlygy, pellehana nähili wagt bilen geljegiň guramaçylar üçin asla ähmiýetiniň ýoklugydyr, sebäbi gatnaşyjylaryň her birine beriljek baýrak çäksiz mukdarda meşhur italýan süýjüligi — tiramisu bolar.

Ýaryşyň şertleri we aýratynlyklary

Ylgaw ýoly şäheriň köne böleginden — dar orta asyr köçelerinden, gadymy köprülerden we kanallardan geçer. Ýaryşa tejribeli ylgawçylar hem, bu aralygy ýönekeý ädimler bilen ýöräp geçmekçi bolýanlar hem gatnaşyp biler. Ahyrky wagt hiç hili hasaba alynmaýar we sport derejeleri berilmeýär. Ýagny, ýaryş tizlik düzgünlerine däl-de, diňe lezzet almaga esaslanýar.

Ýaryş üçin jemi 1000 sany orun bölündi we olar örän çalt gutarýar. 30-njy awgusta çenli hasaba durmak 18 ýewro, şol seneden soň bolsa 22 ýewro durýar. Bu baha ýaryşa gatnaşmagy hem-de pellehanadan soň adamyň diňe öz işdäsi bilen çäklendiriljek çäksiz mukdardaky tiramisu süýjüligini öz içine alýar.

Tiramisu boýunça dünýä kubogy

Bu çäräniň guralmagy tötänleýin däldir. Trewizo şäherinde her ýyl dürli ýurtlaryň öňdebaryjy konditerleriniň gatnaşmagynda Tiramisu boýunça dünýä kubogy geçirilýär we 2026-njy ýylda bu bäsleşigiň onunjy, ýubileý tapgyry bellenilýär. Ozal diňe tagam dadyp görmek we eminleriň baha bermegi bilen çäklenen festiwala, şu ýyl ilkinji gezek sport bölegi hem goşuldy. Guramaçylar gastronomiýa baýramçylygyny işjeň hereket bilen baýlaşdyrmagy makul bildi.

Adatdan daşary sport ýaryşlarynyň dünýä tejribesi

Soňky ýyllarda şeýle gyzykly ýaryşlar dünýäde barha meşhur bolýar. Mysal üçin, ABŞ-da geçirilýän 50 kilometrlik ultramarafonda gatnaşyjylar «Taco Bell» ulgamynyň 10 sany nokadyna sowlup, bellibir tagamlary iýmeli bolýar, ýüregi bulanyp iýip bilmedikler ýaryşdan çykarylýar we pellehana ýetenler «diri galan» diýen ada eýe bolýar.

Tiramisu Run çäresiniň guramaçylary täze formatyň geljekde hem saklanyp galjakdygyna we her ýyl geçirilýän däbe öwrüljekdigine ynanýar. Eger şu ýylky pikir üstünlikli bolsa, geljekki ýyllarda gatnaşyjylaryň sanynyň çägi has-da artdyrylar.


11.06.2026 14:24
5.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......