Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

  • 27.05.2026 01:10
  • 2.6k+

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert bolar.

Bu medeni çäre Italiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda guralýar. Tomaşaçylaryň öňünde dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyş eder.

Konsert maksatnamasynyň esasy myhmany ýörite çagyrylan opera aýdymçysy — soprano Zoi Papas bolar. Bu sazly agşam italýan aýdym-saz däplerine we dünýä klassykasynyň meşhur eserlerine bagyşlanar.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.

Tomaşaçylar üçin giriş mugt bolup, petekleri teatryň kassasyndan almak mümkin.


düýn 10:46
2.6k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

10.06.2026 08:53
3.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......