Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraldy.
Halkara forum ýurduň Oba hojalyk toplumynyň binasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem halkara we sebit düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Umumy mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurduň halkyna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň we ilat üçin amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmegiň möhüm ugurlaryny aýratyn nygtady.
Maslahata gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, biologik dürlüliligi gorap saklamak we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň, Pariž ylalaşygynyň we Ählumumy metan borçnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän çäreler aýratyn bellenildi.
Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna we beýleki halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdi.
Umumy mejlisden soň, maslahatyň işi ekologiýa we klimat hukugyna, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ekologiýanyň ornuna hem-de Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine bagyşlanan degişli bölümlerde dowam etdirildi.
Forumyň ahyrynda gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdi. Bu maslahat daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugrunda tejribe alyşmak hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy.
