Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

  • 06.06.2026 16:07
  • 6.9k+

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalyşygyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi.

Bu taryhy drama Azerbaýjanyň adyndan «Iň gowy halkara film» ugry boýunça «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilipdi.

Kino meşhur senagatçy, millioner we haýyr-sahawatçy Hajy Zeýnalabdin Tagiýewiň durmuşy baradaky dört bölümli saganyň ilkinji bölegidir. Taslama onuň aradan çykan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi hem-de ädikçiniň maşgalasynda dünýä inip, soňra öz döwrüniň iň iri telekeçileriniň birine öwrülen şahsyýetiň durmuş ýoluny gürrüň berýär.

Filmdäki wakalar XIX asyryň ahyrynda — XX asyryň başlarynda bolup geçýär. Eseriň awtorlary Tagiýewiň nebit senagatynyň ösmegine, Baku şäheriniň abadanlaşdyrylmagyna goşan uly goşantlary, şeýle hem onuň magaryfçylyk işleri barada gürrüň berýär. Filmde, aýratyn-da, musulman Gündogarynda gyzlar üçin niýetlenen ilkinji dünýewi mekdebiň açylyşy aýdyň şöhlelendirilýär.

Filmiň režissýory Zaur Gasymly, baş prodýuseri bolsa Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýewiň gyzy Arzu Alyýewadyr.

Kino eseri Geýdar Aliýew adyndaky Gaznanyň, Medeniýet ministrliginiň we Azerbaýjanyň Kino agentliginiň goldamagynda Baku Media Merkezi tarapyndan surata düşürildi.


düýn 23:58
689

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.3k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....