«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Meledandri «Collider» neşirine beren interwýusynda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, iki franşizanyň hem öňki bölümleriniň awtorlary eýýäm sikwelleriň üstünde işleýärler. Şol bir wagtyň özünde, täze filmleriň çykjak seneleri entek yglan edilmedi.
Meledandri taslamalaryň işjeň işlenip düzülýän tapgyrdadygyny belledi. «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» barada gürrüň edilende, ol studiýanyň bu franşiza diňe täze filmi çykarmaga esas berýär diýip hasaplaýan pikiriniň ýüze çykmagy sebäpli gaýdyp gelendigini düşündirdi.
«Zweropoýyň» birinji bölümi 2016-njy ýylda çykdy we saz bäsleşigine gatnaşýan haýwanlar barada gürrüň berýärdi. Dowamy 2021-nji ýylda görkezildi. Franşizanyň umumy dünýä ýygymy 1 milliard dollardan geçdi.
«Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» multfilmi hem 2016-njy ýylda tanyşdyryldy. Film köp kwartiraly jaýda ýaşaýan öý haýwanlarynyň başdan geçiren wakalaryna bagyşlanandyr. Ikinji bölümi 2019-njy ýylda çykdy. Seriýanyň iki filminiň umumy dünýä ýygymy takmynan 1,3 milliard dollar boldy.