Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

  • düýn 19:04
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplaryň biri — «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagydyr. Ýaşaýan ýeri boýunça hiç hili çäklendirme ýok, şol sebäpli bu iş ornuna ýurduň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary ýüz tutup biler.

Kärhanada bellenilişi ýaly, bu hünärmenlere bolan mätäçlik ulag hyzmatlarynyň möçberiniň artmagy we logistika ulgamynyň ösmegi bilen baglydyr.

Işgärler ştatynyň giňeldilmegi ýük daşamalaryna bolan barha artýan islegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Iş şertleri barada goşmaça maglumat almak isleýänler şu aşakdaky telefon belgileri arkaly kärhana ýüz tutup biler:

  • +993 12 76-06-19
  • +993 12 76-02-56

20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
6.1k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....