Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji nobatda howanyň üýtgemeginiň netijesidir.
Fransiýa ýylyň başyndan bäri üçünji gezek yssy howa tolkunyny başdan geçirýär. Ýurduň departamentleriniň ýarysyndan gowragy howanyň ýagdaýy boýunça iň ýokary howplulyk derejesine geçirildi. Käbir sebitlerde howanyň derejesi gündizine 40 °C-den geçip, gijesine-de 20–25 °C-den aşak düşmeýär.
Hökümet ilaty örän seresaply bolmaga we bu adatdan daşary howa şertlerinde göni düşýän Gün şöhlesinden gaça durmaga çagyrýar.
Karpantra şäherinde aşa yssynyň täsiri bilen iki çaganyň pajygaly ýagdaýda aradan çykandygy bellenilýär. Biraz öň bolsa, Bordo sebitinde ýokary temperaturalar sebäpli üç garry adamyň heläk bolandygy habar berlipdi.
Beýik Britaniýada hem aşa yssy howa barada duýduryşlar yglan edildi. Germaniýada bolsa ýokary temperaturalar sebäpli tokaý ýangynlarynyň howpy artdy.
Aýyň başynda ABŞ-nyň Umman we atmosfera barlaglary boýunça milli gullugy (NOAA) birnäçe aýlyk gözegçilikden soň, Ýuwaş ummanyň tropik böleginde «El-Nino» şertleriniň başlandygyny resmi taýdan yglan etdi. Köp sanly sinoptik häzirki «El-Ninonyň» onlarça ýylyň dowamyndaky iň güýçli hadysa bolup biljekdigi barada duýdurýarlar, şonuň üçin hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Super El-Nino» diýen düşünjäni ulanyp başladylar. Ýöne bu resmi ylmy adalga däldir we NOAA tarapyndan ulanylmaýar.
Bilermenler häzirki ýagdaýyň «ýel akymynyň» petiklenmegi we klimatyň uzak möhletleýin ýylylygy bilen baglydygyny belleýärler. Meteorolog Ioanna Wergin «El-Ninonyň» Ýewropadaky tomusky yssy howa gönümel täsiriniň gowşakdygyny belleýär.
Klimatologlar «El-Ninonyň» wagtlaýyn tebigy hadysadygyny, klimatyň üýtgemeginiň bolsa uzak möhletleýin täsir edýändigini nygtaýarlar. Ýewropada ortaça temperatura dünýä boýunça ortaça görkezijiden iki esse çalt ýokarlanýar, bu bolsa aşa howa hadysalarynyň bolmak ähtimallygyny has-da güýçlendirýär.