Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The Guardian neşiri habar berýär.
Guramanyň baha berşine görä, dünýädäki ýetginjekleriň takmynan ýarysy saglygyna, bilim almagyna we ýaşaýyş şertlerine täsir edýän azyndan üç sany tebigy howpuň täsirine sezewar bolýarlar.
Hatda girdejisi ýokary bolan ýurtlar hem bu howpdan goragly däl. Mysal üçin, Italiýada alty milliondan gowrak çaga dowamly aşa yssy howanyň netijeleri zerarly kösenýär.
Aýratyn çylşyrymly ýagdaý iň ejiz sebitlerde bolup geçýär. Afrika sebitiniň Sahel ýurtlarynda dört milliondan gowrak çaga birbada adatdan daşary yssy howa we çäge tupanlaryna sezewar bolýar. Howa şertleri bilen baglanyşykly ýokary howp derejesi Bangladeşde, Mýanmada we Pakistanda-da bellige alyndy.
Howanyň üýtgemeginiň netijelerine mysal hökmünde Papua – Täze Gwineýadan bolan 15 ýaşly Lornanyň başdan geçiren ýagdaýy getirilýär. 2012-nji ýylda güýçli ýagyşlar Kemp Uelç derýasynyň üstündäki köprini ýykandan soňra, okuwçy gyz sapaklara ýetişmek üçin her gün derýadan ýüzüp geçmeli bolupdyr.
ÝUNISEF ýurtlaryň hökümetlerini we işewürleri zyýanly gazlaryň bölünip çykmagyny azaltmaga, şeýle hem, mekdepdir ýol ýaly desgalary çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, howanyň üýtgemegine görä uýgunlaşdyrmagy talap edýär.