Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

  • 08.05.2026 22:18
  • 2.5k+

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär.

Egeý uniwersiteti tarapyndan Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldamagynda geçirilen bu çäre türki halklaryň kino sungatyny dünýä tanatmakda we medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Festiwalyň çäklerinde türkmen filmleriniň ýörite görkezilişi guralyp, onda ýurduň baý medeni mirasy we döwrebap kino sungaty beýan edildi. Türkmen režissýorlaryndan başga-da, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we Türkiýeden kinematografiýaçylar öz işlerini hödürledi.

7-nji maýda geçirilen sylaglama dabarasynda türkmen wekilleri abraýly baýraklaryň üçüsine mynasyp görüldi. Režissýor Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» filmi «Iň gowy doly metražly film» diýlip yglan edildi. Mekan Gurbanalyýew «Mähir terbiýesi» filmi üçin «Iň gowy gysga metražly film» baýragyny aldy. Röwşen Welmiýew bolsa «Meniň oýnum» atly multiplikasion filmi üçin eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Türkmen ussatlarynyň halkara derejesindäki bu ýeňişleri ýurduň kino sungatynyň ösmegine we dünýä kinematografiýasyndaky ornunyň berkemegine uly goşant goşýar.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......