76-njy Berlin kinofestiwalynyň açylyş filmi mälim edildi

  • 18.01.2026 20:13
  • 2.7k+

76-njy Berlin halkara kinofestiwaly owgan režissýory Şarbanu Sadat tarapyndan surata düşürilen «No Good Men» («Adamlaryň gowusy ýok») atly romantiki komediýasy bilen açylar. Bu barada festiwalyň dolandyryşyna salgylanýan Variety neşiri habar berýär.

Kino Kabulyň telewideniýe pudagynda işleýän ýeke-täk zenan operator Nara barada gürrüň berýär.
Baş keşbi režissýoryň özi — Şarbanu Sadat janlandyrýar.
Film režissýoryň özüniň awtobiografik (terjimehal) romanyna esaslanyp döredildi.
Berlinale kinofestiwalynyň ýolbaşçysy Trişa Tattle bu film barada şeýle diýdi:

«Şarbanu Sadat häzirki zaman dünýä kinosynyň iň täsirli we tolgundyryjy şahsyýetleriniň biridir. "No Good Men" filmi onuň ozalky çeper filmlerinden soň döreden uly ynamyny doly ödeýär».

Berlin kinofestiwaly 12-nji fewraldan 22-nji fewral aralygynda geçiriler. Bu ýylky emin agzalarynyň başlygy wezipesini dünýä belli nemes režissýory Wim Wenders ýerine ýetirer. Ol «Pariž, Tehas», «Berliniň asmany» we «Tüýs laýyk günler» ýaly filmleriň awtorydyr.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......