Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy

  • 22.02.2026 07:18
  • 1.9k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy — «Altyn Aýy» germaniýaly asly türk režissýor Ilker Çatakyň düşüren «Sary hatlar» (Gelbe Briefe) filmine gowşuryldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji fewralda Potsdam meýdanyndaky Berlinale köşgünde geçirildi.
Bu ýyl žýurä režissýor Wim Wenders ýolbaşçylyk etdi. 


Žýuri agzalarynyň Gran-prisi türk režissýory Emin Alperiň «Halas boluş» (Kurtuluş) filmine berildi. «Kümüş Aýy» baýragy bilen bolsa «Deňizde şa aýal» (Queen at Sea)  filmi üçin amerikaly Len Hammer sylaglandy.
Iň gowy režissýorlyk üçin baýraga «Bill Ewansy hemme kişi halaýar» (Everybody Digs Bill Evans) filmi üçin britaniýaly režissýor Grant Gi mynasyp görüldi. 
Baş rol üçin «Kümüş Aýy» baýragyna «Rouz» (Rose) filminde esasy keşbi janlandyran nemes aktrisasy Sandra Hüller mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, Berlin kinofestiwaly 2021-nji ýyldan başlap bu baýragy erkek we aýal artistleri üçin aýratyn kategoriýa bölmekden ýüz öwrüp, ýekeje umumy baýrak gowşurýar.
Ikinji plandaky iň gowy keşpleri üçin baýraklara «Deňizde şa aýal» filmindäki rollary üçin Anna Kalder-Marşall we Tom Kortni eýe boldular. 
Iň gowy ssenariýa üçin sylaga «Nina Roza» filminiň edebi esasyny ýazan kanadaly Ženewýewa Dýulýud-de Sel mynasyp boldy.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......