Şekspiriň keşbinde Pol Meskalyň oýnamagyndaky film Torontodaky kinofestiwalyň baş baýragyny aldy

  • 16.09.2025 14:42
  • 2.2k+

Režissýor Hloýa Çžaonyň “Hamnet” dramasy Torontodaky 50-nji halkara kinofestiwalynda baş baýragyň – tomaşaçylaryň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Film ýazyjy Meggi O’Farrelliň 2020-nji ýylda çykan adybir romanyna esaslanýar. Sýužetiň merkezinde dramaturg Uilýam Şekspiriň we onuň aýaly Agnesiň hekaýaty durýar. Olaryň keşplerini Pol Meskal we Jessi Bakli ýerine ýetirdi. Film olaryň Jakobi Jupyň ýerine ýetirmeginde ogly Hamnetiň ölümini nähili başdan geçirýändigini görkezýär.
Tankytçylar filme oňyn baha berdi: onuň reýtingi Rotten Tomatoes platformasynda 88% boldy. Hloýa Çžao üçin bu eýýäm ikinji üstünlik – ol 2020-nji ýylda “Çarwalaryň topragy” (Земля кочевников) filmi üçin hem şol baýraga mynasyp bolupdy (soňra bu film iň gowy film hökmünde “Oskar” baýragyny aldy).
Häzirki festiwalyň saýlama filmleriniň arasynda Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” we Raýan Jonsonyň “Pyçaklary çykarmak: Oýan, öli” (Достать ножи: Проснись, мертвец) filmleri hem bar.
Şu ýyl tomaşaçylar ilkinji gezek halkara taslamalary üçin aýratyn ses berip bildi. Pak Çhan-ukyň “Başga ýol ýok” (Метод исключения) filmi öňe saýlandy. Ikinji orny Ýoakim Trieriň “Duýgy gummatlygy” (Сентиментальная ценность), üçünji orny Niraž Gaýwanyň “Öýe daňlan” (Привязанный к дому) filmi eýeledi. 


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......