Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady

  • 12.06.2025 18:20
  • 2.9k+

2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär.

Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl. 2025-nji ýylda ol festiwal bilen ugurdaş geçdi.78-nji Kann kinofestiwaly 23-nji maýda tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Ol festiwala soňky 20 ýylda ilkinji gezek gatnaşdy.
Festiwalyň baş baýragyna 20-den gowrak film dalaş etdi. Olaryň arasynda Riçard Linkleýteriň “Täze tolkun” (Новая волна), Ari Asteriň “Eddington” (Эддингтон), Ues Andersonyň “Finikiýa shemasy” (Финикийская схема), Ýoakim Trieriň “Duýgy gymmatlygy” (Сентиментальная ценность) filmleri we beýlekiler bar. 


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......