Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi

  • 25.05.2025 10:56
  • 4.9k+

78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi.

“Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr. The Hollywood Reporter-iň ýazmagyna görä, sýužet eýranly režissýoryň öz tussaghana tejribesine esaslanýar. Gahryman – boşadylan dissident – nätänyş biriniň özüniň tussaghanadaky sütemkärleriniň biridigini tanaýar we ar almak isleýär, ýöne soň täze zorluk – “adalata tarap ýolmy?” diýen sorag bilen ýüzlenýär.
Bu iň tanymal eýranly režissýorlaryň biri bolan Panahi üçin ilkinji “palma” boldy. Ozal ol Berlindäki we Wenesiýadaky kinofestiwallarda baş baýraklary alypdy. Şeýlelikde, Panahi dünýäniň üç esasy kino baýragyna mynasyp bolan az sanly režissýorlaryň hataryna girdi. Ondan öň “Altyn palma şahasyny”, “Altyn aýyny” we “Altyn ýolbarsy” almak Robert Oltmene we Mikelanjelo Antonionä başardypdy.
Festiwalyň Gran-prisini daniýaly režissýor Ýoakim Trieriň “Duýgy gymmatlygy” (Сентиментальная ценность) filmi aldy. Iň gowy režissýorlyk üçin baýraga “Gizlin agent” (Секретный агент) filmi üçin braziliýaly Kleber Mendonsa Filýo mynasyp boldy. Iň gowy ssenariý üçin Žan-Pýer we Lýuk Dardennler (“Ýaş eneler”/Молодые матери) sylaglandy.
Iň gowy aktýor diýlip “Gizlin agentdäki” keşbi üçin Wagner Moura ykrar edildi. Iň gowy zenan keşbi üçin baýrak Afsiýa Ýerziniň “Kiçi uýa” (Младшая сестра) filmindäki işi üçin Nadýa Mellitä berildi.
Eminleriň baýragyny Oliwer Laşeniň (Fransiýa) “Sirat” (Сират) we Maşa Şilinskiniň (Germaniýa) “Ýykylmagyň sesi” (Звук падения) filmleri paýlaşdy.
Bäsleşige 22 film gatnaşdy. Festiwalyň ýapylyş güni Fransiýanyň Alpes-Maritimes departamentinde, şol sanda Kannda elektrik energiýasy öçdi. Ýerli häkimiýetler blekauta getiren energetika desgalaryna bilkastlaýyn zeper ýetirilmegini derňeýär. Muňa garamazdan, ýapylyş dabarasy meýilnama boýunça geçirildi – Festiwallar köşgi awtonom elektrik üpjünçiligi bilen işledi.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......