San-Sebastýandaky kinofestiwalyň ýeňijileri yglan edildi

  • 29.09.2025 19:11
  • 3.2k+

Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde 73-nji halkara kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn balykgulagy” ispaniýaly režissýor Alauda Ruis de Asuanyň “Ýekşenbe günleri” (Los domingos) dramasy aldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Film monah bolmak kararyna gelen 17 ýaşly gyz barada gürrüň berýär.
Tomaşaçylaryň baýragyna režissýor Kauter Ben Haýnanyň “Hind Rajabyň sesi” (Голос Хинд Раджаб) dramasy mynasyp boldy. Ozal palestinaly gyzyň pajygaly ykbaly baradaky film Wenesiýa kinofestiwalynyň Gran-prisini alypdy.
Fransuz režissýory Žoakim Lafosse iki baýrak aldy – iň gowy režissýorlyk üçin “Kümüş balykgulagy” we “Şol baharyň alty güni” (Шесть дней той весной) filminiň ssenarisi üçin baýrak.
Şu ýyl kinofestiwalyň emin agzalarynyň başlygy “Mümkin däl”, “Gar jemgyýeti” we “Ýura eýýamynyň dünýäsi” filmleri bilen tanalýan režissýor Huan Antonio Baýona boldy.
Hormatly laureatlaryň arasynda karýerasynda gazananlary üçin “Donostiýa” baýragynyň iň ýaş eýesi bolan Jennifer Lourens bar. Festiwalda Lourensiň Robert Pattinson bilen bilelikde baş keşbi ýerine ýetirmeginde täze “Öl, söýgim” (Умри, моя любовь) psihologiki trilleri görkezildi.
San-Sebastýandaky kinofestiwal 1953-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol Ispaniýada iň uly medeni waka we dünýäde iň esasy festiwallaryň biridir. Dürli ýyllarda festiwalyň baş baýragyny Frensis Ford Koppola, Marlon Brando, Terrens Malik, Klod Şabrol, Nikita Mihalkow we Jeýms Franko dagy aldy. 


düýn 17:22
2.6k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....

03.06.2026 23:15
3.1k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 22:59
1.9k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 20:48
1.5k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......