«Awe Mariýa» taslamasy» filminiň çykmagyna bagyşlanyp kosmonawtyň tuwulgasyndaky patrak çykaryldy

  • 23.02.2026 12:38
  • 1.5k+

Awstraliýanyň «Hoyts» kinoteatrlar tory täze fantastik film üçin niýetlenen, kosmonawt tuwulgasy şekilindäki üýtgeşik patrak (popkorn) çeleklerini tanyşdyrdy. Bu aksessuar Raýan Goslingiň baş keşbi janlandyran «Awe Mariýa» taslamasy» (Project Hail Mary) atly garaşylýan filminiň premýerasyna gabatlandy.

Täze patrak çelegi gyzyl reňkli tuwulga görnüşinde bolup, onuň dizaýny filmde Raýan Goslingiň geýýän skafandryny doly gaýtalaýar. Tuwulganyň ýüzi aňyrsy görünýän gara elementler bilen bezelen.
Tuwulganyň ýokarky bölegi açylýar we patrak üçin niýetlenen çelege öwrülýär.
Filmiň ilkinji görkezilişi 20-nji marta bellenildi. Dowamlylygy: 2 sagat 36 minut.
Film «Marsly» (The Martian) romanynyň awtory Endi Weýeriň dünýä belli «Awe Mariýa» taslamasy» atly eseri esasynda surata düşürildi.
Film öňki molekulýar biolog we mekdep mugallymy, häzirki kosmonawt Raýlend Greýs barada gürrüň berýär. Ol älem gämisinde huşuna gelende, özüniň Ýerden 12 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Tau Kita ýyldyzlar ulgamyna iberilendigini ýadyna düşürýär. Onuň esasy wezipesi — Ýer şaryny garaşýan ählumumy betbagtçylykdan halas etmegiň ýoluny tapmakdyr.
Filmiň režissýorlary — meşhur Fil Lord we Kristofer Miller («Lego Filmi» we «Möý-adam» multfilmleri bilen tanalýanlar).

 

«Bu ägirt uly möçberdäki we örän batyrgaý hekaýat. Ony durmuşa geçirmek örän kyn ýalydy, emma biz hut şeýle çylşyrymly taslamalary söýýäris. Adamlar hut şuňa meňzeş kinolar üçin kinoteatrlara gidýärler» - diýip, Raýan Gosling CinemaCon dabarasynda bu taslama barada aýtdy.


21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......