82-nji Wenesiýa kinofestiwaly Paolo Sorrentinonyň filmi bilen açylar

  • 05.07.2025 18:39
  • 1.9k+

Italiýaly režissýor Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” (Благодать/La Grazia) dramasy 82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalyny açar. Film esasy bäsleşige goşuldy diýlip, kinofestiwalyň saýtynda habar berilýär.

Filmiň sýužeti Italiýada ýaýbaňlanýar we söýgi hekaýatyna bagyşlanýar. Baş keşpleri Toni Serwillo we Anna Fersetti ýerine ýetirdi. Serwillo ozal Sorrentinonyň “Beýik gözellik”, “Loro”, “Hudaýyň eli”, “Söýginiň netijesi” ýaly belli filmlerinde oýnady.
Kinofestiwal 27-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler. Esasy bäsleşigiň emin agzalaryna amerikaly režissýor Aleksandr Peýn ýolbaşçylyk eder. Ol “Göterim” (Выскочка), “Gyrada” (На обочине) we “Şmidt hakda” (О Шмидте) filmleriniň awtorydyr.
Paolo Sorrentino “Beýik gözellik” (Великая красота / La grande bellezza) filmi çykandan soň halkara derejesinde ykrar edildi. Häzirki Rim jemgyýeti bilen bagly satira “Daşary ýurt dilinde iň gowy film” kategoriýasynda “Oskar”, “Altyn globus” we BAFTA baýraklaryna mynasyp boldy. Şeýle-de, onuň “Ýaş kaka” serialy uly üstünlik gazandy.
Režissýoryň soňky işi bolan “Partenopa” filmi 2024-nji ýylyň maýynda çykdy we Kann kinofestiwalynyň esasy bäsleşik programmasyna goşuldy. 


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......