76-njy Berlin kinofestiwalynyň esasy bäsleşik maksatnamasy mälim edildi

  • 22.01.2026 15:04
  • 1.9k+

76-njy Berlin Halkara Kinofestiwalynyň guramaçylary şu ýylky esasy baýraklar ugrunda bäsleşjek filmleriň sanawyny yglan etdiler. Dünýäniň iň abraýly kino bäsleşikleriniň biri hasaplanýan bu festiwal 12–22-nji fewral aralygynda geçiriler.

Şu ýylky emin agzalaryna dünýä belli nemes režissýory Wim Wenders başlyklyk eder.
Festiwal owgan režissýory Şarbanu Sadatyň «Ýagşy erkekler ýok» (No Good Men) atly romantiki komediýasy bilen açylar. Film Kabul telewideniýesiniň ýeke-täk zenan operatory Naranyň ykbaly barada gürrüň berýär. Bellemeli zat, režissýor bu filmde baş keşbi hem özi janlandyrýar.
«Altyn aýy» we «Kümüş aýy» baýraklary ugrunda aşakdaky filmler bäsleşer:

  • «Deňziň kenarynda», režissýory Kornel Mundruso;
  • «Dao», režissýory Alen Gomi;
  • «Tozan», režissýory Anke Blonde;
  • «Öý hekaýatlary», režissýory Ewa Trobiş;
  • «Bill Ewansy hemmeler söýýär», režissýory Grant Ji;
  • «Sary harplar», režissýory Ilker Çatak;
  • «Žozefina», režissýory Bet de Araužu;
  • «Halas ediş», režissýory Emin Alper;
  • «Şäherde ýalňyz adam», režissýorlary Tissa Kowi we Raýner Frimmel;
  • «Aýalymyň agysy», režissýory Angela Şanelek;
  • «Siňekler», režissýory Fernando Eýmbke;
  • «Täze daň», režissýory Ýositosi Sinomiýa;
  • «Nina Roza», režissýory Ženewýewa Dýulýud-Desel;
  • «Deňziň şa zenany», režissýory Lens Hammer;
  • «Bägül düýbüni pudamak», režissýory Karim Aýnoz;
  • «Bägül», režissýory Markus Şlýaýnser;
  • «Sumsum, ýyldyzlaryň gijesi», režissýory Muhammad-Saleh Harun;
  • «Pyşyrdap», režissýory Leýla Buzid;
  • «Wolfram», režissýory Uorwik Tornton;
  • «Barymyz keseki», režissýory Entoni Çen;
  • «Söýgi – bu tebil tapan guş», režissýory Anna Fitç we Benker Uaýt;
  • «Gije doglan», režissýory Hanna Bergholm.

şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......