LEGO "Möý adam: Düýbünden täze gün" filmi esasynda üç täze toplumy döretdi

  • 27.04.2026 16:06
  • 3.3k+

LEGO kompaniýasy "Möý adam: Düýbünden täze gün" filminiň geljekki premýerasyna bagyşlanan üç temaly toplumyň çykarylandygyny yglan etdi.

Konstruktorlary 1-nji iýunda, filmiň 31-nji iýulda uly ekranlarda görkezilmezinden iki aý öň çykarmak meýilleşdirilýär. Täze toplumlara köp sanly gahrymanlaryň oýnap bilýän ýerleri, şeýle hem baş gahrymanyň toplum arkaly sökülip-düzülýän keşbi girýär.

Bahasy 49,99 dollar bolan "Möý adamyň türme ulagynyň yzyndan kowgy" atly birinji toplum Düzgün bozmalara gözegçilik ediji edaranyň alty tigirli ägirt uly ulagyny gurmaga mümkinçilik berýär. Topluma goragçy Piter Parkeriň we antagonistler Tarantula bilen Gabyr gazyjynyň minifiguralary girýär. Oýun sahnalary üçin kerep atyjylar we ýaraglar ýaly goşmaça bölekler göz öňünde tutulan.

Bahasy 89,99 dollar bolan "Möý adamyň Halk bilen epiki söweşi" atly ikinji toplum dört gatly bina bolup, her gatda gahrymanlary saklamak üçin aňyrsy görnüp duran platformalar bar. Toplum uly göwrümli bolup, Möý adam, Halk, Akrap, Tarantula, Bumerang we hatda hot-dog satyjysynyň şekillerini öz içine alýar. Binanyň dizaýny Halkyň edip biljek weýrançylygyny simulýasiýa etmäge mümkinçilik berýär.

Üçünjisi 813 bölekden ybarat bolan "Möý adamyň sökülip-düzülýän şekili". Bu uly model bogunlarynyň ýokary derejede hereketlidigi bilen tapawutlanýar, bu bolsa super gahrymany islendik dinamiki ýagdaýda duruzmaga, goýmaga mümkinçilik berýär.

Ýakyn wagtda çykjak "Düýbünden täze gün" filmi Tom Hollandyň oýnamagyndaky franşizanyň dördünji solo filmi bolar. Ýordum Doktor Strenjiň jadygöýligi dünýä Piter Parkeriň kimligini unutdyrandan we multi älemiň açylmagyna sebäp bolandan soňky wakalary dowam edýär. Täze filmiň treýleri ýakynda 1,1 milliarddan gowrak gezek tomaşa edilip dünýä rekordyny goýdy, şolardan 718,6 milliony ilkinji 24 sagadyň dowamynda görüldi.


10.06.2026 11:08
990

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......