Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi
Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....
Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....
LEGO Group kompaniýasy Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Çesterfild okrugynda öz hususy Gün elektrostansiýasy bolan önümçilik toplumyny gurýar. Taslama 32 gektar meýdany tutýan Gün energiýa parkyny döretmegi göz öňünde tutýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...
Lego kompaniýasy awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik döwrüniň öňbaşçysy hasaplanýan Ford Model T-e bagyşlanan täze toplumyny çykaryp, Lego Icons seriýasyny giňeltdi. Toplumyň bahasy 129,99 dollar. Deňeşdirmek üçin: 1920-nji ýyllarda hakyky Model T-niň bahasy 250-den 290 dollara çenli bolupdyr...
Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...
Top Gear awtoulag şüweleňiniň muşdagy Nard Werbong öz söýgüli gepleşiginiň studiýasyny Lego konstruktoryndan dizaýn edip, gurnady. Bu maketi döretmek üçin oňa 5362 sany Lego bölejigi gerek boldy. Taýýar işiň suratlary Top Gear-iň resmi saýtynda çap edildi...
Lego kompaniýasy Lando Norrisiň 2025-nji ýylda "Red Bull" toparynyň agalygyny soňlan "MCL39" bolidiniň täze modelini tanyşdyrdy. Bu konstruktor "McLaren" toparynyň 2025-nji ýyldaky taryhy ýeňişlerine bagyşlanýar...
LEGO kompaniýasy aşyklar güni mynasybetli möwsümleýin aksiýasyny yglan etdi: 80 dollardan ýokary mukdarda haryt satyn alan müşderilere «Aşyk pingwinler» toplumy sowgat berilýär. Bu toplumyň düzümine ýürek görnüşli galypda ýerleşdirilen iki sany pingwin şekili girýär...
LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» (K-Pop Demon Hunters) multfilmi esasynda birnäçe toplumlaryny yglan etdiler. Birinji toplumy şu ýylyň ýazynda sargyt edip bolar, satuwa bolsa tomusda çykar. Tizerde gaplaňy ýatladýan, pişikler maşgalasyndan bolan täsin jandar — Derpi görkezildi...
LEGO Icons seriýasynda «Sauronyň tuwulgasy» atly täze toplum peýda boldy. 538 bölekden ybarat bolan bu toplum, meşhur epopeýanyň esasy ganymynyň tikenli tuwulgasynyň nusgasyny gaýtalaýar. Tuwulganyň taýýar modeliniň beýikligi takmynan 33 santimetre deňdir...
Crocs we Lego kompaniýalary bilelikde konstruktor bölekleriniň ulaldylan görnüşinde taýýarlanan sabo aýakgaplaryny çykardy. Täze önüm çagalar we ulular üçin kolleksion aýakgap hökmünde satylýar diýip, Bloomberg habar berýär...
Bugatti kompaniýasy LEGO bilen täze hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bugatti Chiron Pur Sport we Bugatti Vision Gran Turismo giperkarlarynyň nusgalaryny düzüp boljak iki sany täze toplum döredildi...
LEGO we Pokémon Company meşhur “Pokemonlar” (Pokémon) franşizasynyň esasynda döredilen ilkinji konstruktorlar toplumyny yglan etdiler. Täze kolleksiýa seriýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çykarylýar. Satuwlara 27-nji fewralda başlanar...
Daniýanyň LEGO kompaniýasy Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Smart Play platformasyny hödürledi. Onuň esasy elementi «akylly» Smart Brick kerpiçjigi boldy. Adaty 2x4 kerpiçjiginiň içinde hakyky mikroelektronika ulgamy ýerleşdirildi...
Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...
LEGO kompaniýasy Bred Pitt bilen Damson Idrisiň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde çykan “F1” filmine bagyşlanan täze toplumy görkezdi. Toplum 268 bölekden ybarat bolup, ýaryş awtomobilini, şeýle-de baş gahrymanlaryň kiçi heýkeljiklerini: Sonni Heýsi (Bred Pitt) we Joşua Pirsi (Damson Idris) öz içine alýar...
Daniýanyň meşhur oýnawaç öndürijisi bolan LEGO kompaniýasy özüniň «LEGO MRI Scanner» atly okuw toplumy arkaly dünýä boýunça 1 milliondan gowrak çaga MRT barlagyndan öň dörän gorkularyny ýeňmäge kömek edendigini mälim etdi...
Lego kompaniýasy “Ýyldyz uruşlarynyň” äheňinde taryhynda iň gymmat toplum boljak täze “Ölüm ýyldyzy” toplumyny çykarjakdygyny mälim etdi. Konstruktoryň bahasy 999,99 dollar bolar diýip, The Verge habar berýär...
Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...
LEGO kompaniýasy “Kapitan Jek Serçäniň garakçylyk gämisi” ady bilen “Karib deňziniň garakçylary” filmi boýunça täze toplum çykardy. Ol 2862 bölekden ybarat bolup, olardan “Gara dür” gämisiniň modelini ýygnap bolýar...
Belgiýaly Stiwen wan Daýk Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri onda 11 803 predmeti hasaba aldy. Bu öňki rekord eýesiniňkiden iki müň heýkel köpdür...
Lego 1971-nji ýylda çykarylan «Willi Wonka we şokolad fabrigy» filminiň esasynda täze konstruktoryň çykarylýandygyny mälim etdi diýip, HypeBeast habar berýär. Toplum 2025 sany detal bilen düzülip, şokolad şaglawugyny we derýany ýygnamaga mümkinçilik berýär...
LEGO kompaniýasy “Garri Potter” boýunça “Hogsmid obasy” ady bilen täze kolleksiýa toplumyny hödürledi. Ol 3 müňden gowrak bölekden ybarat bolup, 1-nji sentýabrda 379,99 ýewro (takmynan, 445 dollar) bahadan satuwa çykar...
LEGO 1989-njy ýyldaky Nintendo Game Boy oýun pristawkasynyň görnüşinde ýygnalýan täze düzüt toplumyny hödürledi. Ol daniýaly oýnawaç öndürijisiniň Ýaponiýanyň Nintendo wideooýun döredijisi bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy...
Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär. Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy...
Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi...
Geçen dynç günleri Maýaminiň Halkara awtodromynda “Formula-1” çempionatynyň altynjy tapgyry başlamazdan ozal ýaryşa gatnaşyjylaryň däp bolan ýörişi geçirildi. Bu gezek olar aýlawy adaty ulaglaryň deregine LEGO böleklerinden ýygnalan doly göwrümli bolidlerde geçdi diýip, Reuters habar berýär...
Daniýanyň Lego kompaniýasy Wýetnamyň Binzyong günorta welaýatynda konstruktor önümçiligi boýunça täze zawod açdy. Bu kompaniýanyň dünýäde altynjy we Aziýada ikinji kärhanasy boldy diýip, WIA agentligi habar berýär...
Şwesiýaly höwesjeň Dewid Gustafson Lego konstruktoryndan Volvo V70-iň doly göwrümli modelini döretdi. Awtoulagy ýygnamak üçin oňa dört ýyl töweregi wagt gerek boldy diýip, auto.ru habar berýär. Taslama Brick Scale...
Daniýanyň Lego kompaniýasy 2024-nji ýylda rekord netijeleri gazanandygyny mälim etdi. Munuň esasy sebäbi «Şäher», «Ýyldyz söweşleri» we «Garri Potter» ýaly beýleki meşhur toplumlara bolan ýokary isleg boldy diýip...
Beýik Britaniýanyň Bornmut şäheriniň ýaşaýjysy Dewid Lindon Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol dünýäniň iň kiçi heýkelini ýasady diýip, BBC habar berýär. Lindon aslynda hünäri boýunça inžener. Ol 2019-njy ýylda...
Budapeştiň merkezinde LEGO-nyň 1,8 million bölejiginden ýasalan özboluşly tramwaý peýda boldy. 11 metrlik gurluşy wenger suratkeşi Balaž Doçi ýygnady diýip, South China Morning Post habar berýär. Doçiniň sözlerine...
LEGO kompaniýasy Universal Pictures bilen hyzmatdaşlykda üç sany täze oýun filmini çykarar. Bu barada Variety habar berýär. Geljekki filmleriň sýužeti barada maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne her bir taslama üçin...
Formula 1-däki MakLaren-iň sürüjisi Lando Norris Silwerstone trassasynda (ýaryş ýolunda) adaty bolmadyk gezelenç etdi. Ol Lego konstruktoryndan ýygnalan MakLaren P1-de aýlaw etdi. Taslama LEGO Group we McLaren...
Daniýanyň Lego Group kompaniýasy 2032-nji ýyla çenli nebit önümleriniň ulanylmagy bilen taýýarlanýan adaty plastigi gaýtadan işlenen biologiki önümlerden taýýarlanan plastmassa bilen çalşar. Bu barada Reuters agentligine...
Ýewropa kosmos gullugy (ESA) geljekki Aý bazalary üçin özboluşly gurluşyk bloklaryny döretdi. Ony işläp taýýarlaýan döwründe inženerler Lego konstruktoryndan ylham alypdyrlar diýip, IXBT habar berýär. ESA-nyň barlagçylar...