Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

  • 07.12.2025 12:00
  • 4.8k+

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar. Onuň bölek söwda bahasy 200 dollar bolar.

Dünýä kubogynyň bu oýunjak nusgasynyň beýikligi hakyky kubogyňky bilen deň bolup, 36,8 sm barabar. Onuň içinde kiçi futbol meýdançasy we mini-kubogy saklap duran adamyň heýkeljigi gizlenen.
Toplumy çykarmak boýunça mahabat kampaniýasynyň çäklerinde dürli ýyllaryň dört dünýä çempiony gatnaşdy: braziliýaly Roberto Karlos (DÇ-2002-niň ýeňijisi), italiýaly Marko Materassi (DÇ-2006), ispaniýaly Iker Kasilýas (DÇ-2010) we germaniýaly Sami Hedira (DÇ-2014). Türgenleriň kubok bilen ýeňşi baýram edýän kadrlary redaktirlendi: dünýä kubogynyň deregine futbolçylar Lego nyşanly paketleri göterip dur.
Indiki dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriler. Birinji oýun 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda bolar. Final oýny 19-njy iýula meýilleşdirildi. 


22.06.2026 22:53
5.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....