LEGO içinde kompýuter oturdylan akylly «kerpiçjigi» döretdi

  • 07.01.2026 23:29
  • 4.1k+

Daniýanyň LEGO kompaniýasy Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Smart Play platformasyny hödürledi. Onuň esasy elementi «akylly» Smart Brick kerpiçjigi boldy.

Adaty 2x4 kerpiçjiginiň içinde hakyky mikroelektronika ulgamy ýerleşdirildi. Kubigiň içinde datçikleri, RGB-yşyk diodlaryny, kiçijik dinamigi we radiomoduly öz içine alýan 4 millimetr ýogynlykdaky ýörite ASIC çibi gizlenýär. Ähli elementler zarýad berilýän batareýa bilen işleýär. Zarýad bermek bolsa simsiz usul arkaly amala aşyrylýar, munuň üçin modeli sökmek gerek däl.

«Biz tehnologiýanyň oýny dolandyrmagyny däl-de, ony baýlaşdyrmagyny isledik. Maksat modelleri gajetlere öwürmek däl-de, janlandyrmak» — diýip, taslamanyň öňdebaryjy inženeri tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.

LEGO kameralardan, mikrofonlardan we internete birikmekden ýüz öwürdi. Munuň deregine kerpiçjik magnit meýdanynyň we beýleki kubiklere hem mini-heýkeljiklere gurnalan «akylly bellikleriň» kömegi bilen daş-töwerekdäki elementleri tanaýar. Birnäçe Smart Brick gönüden-göni signal bilen alşyp, BrickNet toruny emele getirip bilýär.
Ses effektleri hakyky wagtda döredilýär: çip bolup geçýän zada baglylykda sesiň gatylygyny we äheňini üýtgedýär.
Ilkinji bolup Smart Brick-i 70 – 160 dollar bahaly «Ýyldyz söweşleri» bilen bagly üç toplum alar.
Deslapky sargytlar 9-njy ýanwarda açylýar, bölek satuwa bolsa toplumlar 1-nji martda çykar. 


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
954

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...