«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

  • 09.05.2026 15:23
  • 2.5k+

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen mämişi reňkli «Toyota Supra MK4» awtomobili durýar.

77260 belgili bu toplum 292 detaldan ybaratdyr. Bu bolsa birnäçe sagadyň dowamynda gurup boljak seriýanyň adaty formatyna laýyk gelýär. Modeliň dizaýny awtomobiliň esasy aýratynlyklaryny — giň teker arkalaryny, spoýlerini we uzyn kapotyny jikme-jik görkezýär.

Toplumyň içine Pol Uokeriň janlandyran gahrymany Braýan O’Konneriň minifigurkasy hem girýär. Onuň keşbi hut birinji filmdäki sýužetler esasynda döredildi.

Dördünji nesil «Toyota Supra» 1993-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli öndürildi we týuning muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Filmiň ekrana çykmagyndan soň bu modele bolan gyzyklanma has-da artdy we ulagyň özi köçe ýaryşlarynyň simwolyna öwrüldi.

Toplumyň satuwy 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda başlanar. Maslahat berilýän bahasy 60 dollar bolup, eýýäm birnäçe meýdançalarda öňünden sargyt etmek mümkinçiligi açyldy.

Lego üçin bu awtomobil brendleri we pop-medeniýet franşizalary bilen ilkinji hyzmatdaşlyk däl — mundan ozal «Speed Champions» seriýasynda «Ferrari», «Lamborghini» we «Need for Speed» boýunça hem toplumlar çykarylypdy.


şu gün 08:41
394

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......