Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy.
Bu film eýýäm ýaşy bir çene ýeten we agyr ýaralanan meşhur gahryman barada gürrüň berýär. Ol özüniň geçmişde eden işleri üçin günäsini ýuwmaga synanyşýar. Bu kyn işde oňa kömek etmäge syrly bir aýal razy bolýar we oňa seredip başlaýar.
Şeýle-de, aktýorlyk düzümine Jodi Komer, Bill Skarsgard, Mýurreý Bartlett we Noa Jup dagy girdi. Filmiň režissýory we ssenariçisi bolup, «Ümsüm ýer» filminiň prikweli we Nikolas Keýjiň gatnaşmagyndaky «Doňuz» filmleri arkaly tanalýan Maýkl Sarnoski çykyş etdi.
Mundan ozal film boýunça ilkinji synlar peýda bolupdy: Rotten Tomatoes saýtynda «Robin Guduň ölümi» filminiň reýtingi 29 synyň esasynda 72%, Metacritic platformasynda bolsa 16 synyň esasynda 63% boldy. Flickering Myth portaly Maýkl Sarnoskiniň, hakykatdan hem, ýowuz, şol bir wagtyň özünde bolsa agramly filmi döretmegi başarandygyny belleýär:
«Seýrek bolup geçýän ýabany rehimsizlik pursatlaryny hasaba almasaň, bu sýužeti bilgeşleýin gyssanman, ýuwaş-ýuwaşdan ösýän filmdir. Maýkl Sarnoski şeýle taslamalary düşürip bilýändigini öňem subut edipdi. Ol bu gezek hem başarypdyr, ýöne hakyky çuňluga ýetip bilmändir».