«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

  • şu gün 11:08
  • 515

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures kompaniýasy bu filmiň önümçiligine 658,8 million dollar serişde sarp etdi.

Bu ekran eseri «Ýura eýýamynyň dünýäsi» seriýasynyň üçünji bölegi boldy. Baş keşpleri Kris Pratt, Braýs Dallas Howard, Lora Dern we Sem Nil ýerine ýetirdi. Filmiň düşüriliş işleri 2020-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň güýçlenen döwründe geçipdi, bu ýagdaý hem çykdajylaryň ep-esli artmagyna getirdi.

Kinokompaniýa goşmaça gorag çärelerini ornaşdyrmaga, önümçiligiň uzak wagtlap yza süýşürilmegi sebäpli dörän ýitgileri tölemäge, meýdançalaryň we enjamlaryň kärendesini uzaltmaga, şeýle-de aktýorlara we işçi toparyna berilýän tölegleri saklap galmaga mejbur boldy. Taslamanyň gatnaşyjylary üçin filmiň düşürilýän ýerleriniň golaýyndaky myhmanhanalarda uzak möhletli ýaşaýyş şertleri guraldy.

Gijikdirmeler sebäpli filmiň premýerasy bir ýyl yza süýşürilip, 2022-nji ýylda görkezildi. Dünýä prokatynyň jemleri boýunça «Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» filmi 1,004 milliard dollar girdeji gazandy we öz býujetini zordan ödedi.

Mundan öňki rekord «Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy» (Звездные войны: Пробуждение силы) filmine degişli bolup, onuň onümçiligine 638,9 million dollar sarp edilipdi.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.7k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......