Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

  • 25.02.2026 10:40
  • 2.1k+

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi.

Konstruktor 3179 bölekden ybarat bolup, taýýar bolandan soň ony diwara asmak mümkindir — munuň üçin toplumyň içinde ýörite berkidiji enjam göz öňünde tutulypdyr.
Lego Builder goşundysy bolsa gurnama işini has-da ýeňilleşdirýär: ol ädimme-ädim gözükdirmeleri berýär, işiň tapgyrlaryny ýatda saklamaga we modeli wirtual giňişlikde hemmetaraplaýyn synlamaga mümkinçilik döredýär. Taýýar kompozisiýanyň ölçegleri: beýikligi 30 sm, ini 104 sm we çuňlugy 10 sm.

Toplumyň çap edilen gollanmasynda ýörite QR kod ýerleşdirilip, ol Metropoliten muzeýiniň kuratorynyň podkastyna alyp barýar. Podkastda Klod Moneniň döredijiligi we bu kartinanyň döreýiş taryhy barada gyzykly maglumatlar berilýär.
Täze Lego toplumy 4-nji martda 249,99 dollar bahasy bilen satuwa çykarylar. Häzirki wagtda bu önüm Lego Art seriýasynyň iň gymmat toplumy hasaplanýar.
Lego Art seriýasy 2020-nji ýylda işe girizilipdi. Onuň ilkinji önümi Endi Uorholyň çeken Merilin Monronyň portretidir. Soňra bu seriýada Winsent wan Goguň Amsterdamdaky Wan Gog muzeýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan meşhur «Günebakarlar» eseri hem peýda bolupdy.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
958

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

24.02.2026 09:26
2.1k+

Müňlerçe Lego böleklerinden Top Gear gepleşiginiň studiýasyny döretdiler

Top Gear awtoulag şüweleňiniň muşdagy Nard Werbong öz söýgüli gepleşiginiň studiýasyny Lego konstruktoryndan dizaýn edip, gurnady. Bu maketi döretmek üçin oňa 5362 sany Lego bölejigi gerek boldy. Taýýar işiň suratlary Top Gear-iň resmi saýtynda çap edildi...