Müňlerçe Lego böleklerinden Top Gear gepleşiginiň studiýasyny döretdiler

  • 24.02.2026 09:26
  • 2.1k+

Top Gear awtoulag şüweleňiniň muşdagy Nard Werbong öz söýgüli gepleşiginiň studiýasyny Lego konstruktoryndan dizaýn edip, gurnady. Bu maketi döretmek üçin oňa 5362 sany Lego bölejigi gerek boldy. Taýýar işiň suratlary Top Gear-iň resmi saýtynda çap edildi.

Kompozisiýa detallara aýratyn üns berlip taýýarlanylypdyr. Kiçijik studiýada hatda gepleşigiň alyp baryjylary — Jeremi Klarkson, Jeýms Meý, Riçard Hammond we Stig hem bar. Studiýanyň interýeriniň iň tanyş elementleri doly gaýtalandy. Awtoulaglaryň arasynda bolsa tomaşaçylara gowy tanyş bolan Toyota Hilux pikaby we elde ýasalan üç sany kemper (ýaşaýyş awtoulagy) bar.
Taslamany dizaýn etmek we gurmak üçin awtor 45-50 sagat töweregi wagt sarp etdi. Studiýanyň esasynyň ölçegi 90-a 90 santimetre deňdir.
Boş wagtlarynda Lego-dan awtoulag modellerini ýasamak bilen meşgullanýan Werbong, bu taslamanyň jikme-jik gollanmasyny we gerekli şaýlaryň sanawyny hem çap etdi. Bu bolsa islendik adama şeýle studiýany özbaşdak gurnamaga mümkinçilik berýär.

 


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
958

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...