Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

  • 02.05.2026 12:00
  • 2.1k+

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25 ýyllygyna bagyşlanýar.

Bu seriýa iki sany toplumy öz içine alýar. Birinjisi — 1 403 bölekden ybarat bolan "LEGO Shrek, Donkey & Puss in Boots" uly göwrümli kolleksiýa dioramasy. Bahasy 130 dollar bolan bu toplum, "Beware Ogre!" (Ägä bol, OGR!) ýazgyly tablisasy bolan batgalygyň jikme-jik modelini emele getirýär.

Topluma Şregiň we Eşegiň ýygnalýan figurajyklary, Ädikli pişigiň minifigurasy, şeýle hem meşhur aksessuarlar: sogan we gök gül girýär. Baş gahrymanyň figurasynyň içinde bolsa ýörite sowgatlar ýerleşdirilipdir. Satuwyň ilkinji tapgyrynda bu toplum diňe LEGO dükanlarynda elýeterli bolar.

Ikinji täzelik bolsa 259 bölekden ybarat bolan "LEGO BrickHeadz: Shrek, Donkey & Gingy" toplumy boldy. Alyjylar 25 dollara Şregiň, Eşegiň we Kökejigiň özüne çekiji kwadrat stildäki figuralaryny satyn alyp bilerler. Bu toplum hem kiçijik duýduryş tablisasy bilen doldurylýar.

Iki toplum üçin hem deslapky sargytlar eýýäm açyk. Resmi satuwlaryň başlangyjy 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna meýilleşdirildi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......