Britaniýaly suratkeş dünýäde iň kiçi heýkeli ýasady. Onuň ululygy gan öýjügi bilen deň

  • 22.02.2025 13:27
  • 9.1k+

Beýik Britaniýanyň Bornmut şäheriniň ýaşaýjysy Dewid Lindon Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol dünýäniň iň kiçi heýkelini ýasady diýip, BBC habar berýär.

Lindon aslynda hünäri boýunça inžener. Ol 2019-njy ýylda suratkeşlik bilen gyzyklanyp başlaýar. Onuň aýtmagyna görä, bu heýkeli meýilleşdirmek we ýasamak üçin birnäçe aý gerek bolupdyr. Onuň ýasan gyzyl LEGO kerpijiniň ölçegi bary-ýogy 0,02517 mm×0,02184 mm. Bu bolsa adamyň bedenindäki ak gan öýjüginiň ölçegi bilen deňdir.
Lindonyň işini «Evident Scientific» kompaniýasy ýagtylyk mikroskopy arkaly ölçedi. Soňra bolsa düýbi Lids şäherinde ýerleşýän «Spectrographic Limited» guramasy bu eseri resmi taýdan dünýäniň iň kiçi heýkeli diýip tassyklady.

«Mikroskop bolmazdan görüp bolmajak ölçegdäki ownuk zatlary döretmek ägirt uly fiziki we akyl zähmetini talap edýär. Dem alşymy haýallatmagy we ýürek urgularymyň aralygynda işlemegi öwrendim. Çünki ýüregimiň urşy hem barmaklaryma täsir edip, artykmaç hereketleri döredýär» — diýip, suratkeş gürrüň berdi.

Ol üç dürli ölçegdäki LEGO kerpijini döretmek üçin, özüniň ýörite mikroskopiki gurallary bilen işledi. Şeýle hem gündizlerine ulaglaryň hereketlerinden döreýän yrgyldylaryň işine päsgel berýändigi üçin, gijelerine 6-10 sagatlap işledi.
Onuň sekiz nokatly LEGO kerpiji dünýäniň iň kiçi heýkeli hökmünde ykrar edilipdi. Dört nokatly kerpiji bolsa 2017-nji ýylyň rekordyny döwüpdi. Muňa garamazdan, Lindon has hem kiçi bolan bir nokatly LEGO kerpijini döretdi we bary-ýogy 20 minutda özüniň öňki rekordyny täzeledi. Bu heýkelleriň üçüsi hem şeýle bir kiçi welin, olary adaty göz bilen görmek asla mümkin däl.

«Bu akla sygjak zat däl, muňa düşünýän. Men bäsleşmegi halaýan, düzgün-nyzamy halaýan. Döreden eserlerimi ilkinji gezek gören adamlaryň ýüzündäki haýran galdyryjy täsiri görmek meniň üçin iň uly lezzet. Muny gözüň bilen göreniňde – hakykatdanam geň galdyryjy» — diýip, Lindon öz duýgularyny paýlaşdy.


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......