Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

  • 16.06.2026 23:19
  • 2.1k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar berýär.

Premýer-ministr Kir Starmer bu ädimiň «Beýik Britaniýa üçin dogry» boljakdygyny hem-de çagalaryň internet gurşawyndaky howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini belledi. Çäklendirmeler Snapchat, TikTok, YouTube, Instagram, Facebook we X ýaly platformalara degişli bolup biler. Hyzmatlaryň gutarnykly sanawy entek resmi taýdan çap edilmedi.

Hökümetiň meýilnamalaryna laýyklykda, platformalar 16 ýaşdan kiçi bolan ulanyjylara göni ýaýlymlary geçirmegi gadagan etmäge we nätanyş adamlaryň olar bilen habarlaşmak mümkinçiligini çäklendirmäge borçly ediler. Bu sazlamalar ulanyjy 17 ýaşyna ýetýänçä awtomatik usulda işlär.

Mundan başga-da, 16 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky ulanyjylar üçin gijeki wagtda sosial ulgamlaryny ulanmaga gadaganlyk girizilip bilner. Şeýle hem häkimiýetler 18 ýaşyna ýetmedik şahslaryň «romantiki» hat-habarlaşyklar üçin niýetlenen emeli aňly çat-botlara girmegini çäklendirmek isleýär.

Häzirki wagtda ýurduň hökümeti täze talaplary durmuşa geçirmegiň gurallarynyň üstünde işleýär.


16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

15.06.2026 19:47
3.3k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

15.06.2026 18:40
6.3k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....