Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi
Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....
Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....
Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....
Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....
Instagram ulanyjylary öz teswirlerini ýazandan soň, olara düzediş girizmek mümkinçiligine eýe boldy. Täze funksiýa teksti doly öçürmezden we täzeden ýerleşdirmezden, ýalňyşlary düzetmäge mümkinçilik berýär....
Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....
ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......
Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...
Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär...
2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...
Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar...
Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär...
Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kazyýetde çykyş edip, kompaniýanyň ulanyjylaryň ünsüni nädip çekýändigi we olaryň Facebook hem-de Instagram-da sarp edýän wagtyna nähili täsir edýändigi baradaky soraglara jogap berdi...
Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy...
Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer...
Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar...
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy...
Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen sammitde aýtdy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...
Instagram ulgamy ulanyjylaryna özlerini başga adamlaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany taýýarlaýar. Bu barada TechCrunch neşiri Meta kompaniýasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär...
Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi...
JAMA Pediatrics žurnalynda çap edilen täze gözlegde sosial media ortaça kadada ulanmagyň ýetginjekler üçin has peýdalydygy anyklandy. Bu endigi aşa köp ulanmak ýa-da doly saklanmak olaryň psihologiýa rahatlygynyň peselmegine getirip biler...
Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...
CES 2026 sergisinde Disney kompaniýasy 2026-njy ýylda Disney+ platformasynda gysga dik wideolaryň ýerleşdirilip başlanjakdygyny mälim etdi. Ol adamlaryň TikTok bilen Instagram Reels-de görýän wideolaryna meňzeş bolup, ulanyjylary çekmek maksady bilen döredilýär...
Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy...
Meta kompaniýasy kese ekranly telewizorlarda mazmunlary görmek üçin niýetlenen Instagram for TV programmasyny işe girizýär. Sosial ulgamyň täze görnüşi uly ekranlara uýgunlaşdyryldy we ol, esasan, wideo mazmunlary görmäge gönükdirilendir...
Instagram ulanyjylara Reels gysga wideo tekliplerine täsir edýän temalary görmäge we üýtgetmäge mümkinçilik berýän Your Algorithm guralyny işe girizdi. Bu barada TechCrunch habar berýär. Täze bölüm ýokarky sag burçda iki çyzykly we ýürekli nyşanjyga basylandan soň açylýar...
Meta kompaniýasy Facebook-da Reels awtorlaryna öz wideolaryny awtoryň rugsady bolmazdan beýleki ulanyjylaryň ulanmagyndan goramaga kömek edýän täze Facebook Content Protection guralyny hödürledi. Haçan-da ulgam...
Daniýanyň hökümeti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini gadagan edýän kanuny taýýarlap başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, täze düzgün güýje girse, ene-atalaryň özleri käbir platformalara rugsat berip bilerler...
Instagram iň batyrgaý hem özboluşly pikirli 25 awtory ykrar etjek Rings baýragyny çykarandygyny habar berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Ýeňijiler modadan we ýüz bezeginden başlap, sport we güýmenje ýaly dürli mazmun kategoriýalaryna wekillik ederler...
Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg Instagram sosial ulgamynyň indi aýda üç milliarddan gowrak işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar berdi. Şeýlelikde, platforma şu ýyl üç milliard aýlyk ulanyjy görkezijisinden geçen Facebook bilen WhatsApp sosial ulgamlarynyň yzyndan ýetdi...
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi Instagram sahypasynyň açylmagy mynasybetli koreý medeniýeti bilen bagly sowgatly bäsleşigini yglan etdi diýip, ORIENT agentligi habar berýär. Bäsleşige 4–11-nji sentýabr aralygynda gatnaşyp bolar...
Meta degişli bolan Threads sosial ulgamynyň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 400 milliondan geçdi diýip, Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri aýtdy. Mosseri işe başlany bäri iki ýylyň içinde bu hyzmatyň "açyk pikir alyşmak üçin möhüm platforma" öwrülendigini aýtdy...
Instagram göni ýaýlymlar üçin täze çäklendirmeleri girizdi: indi açyk akkauntlary bolan ulanyjylar we azyndan 1000 abonenti bolanlar göni ýaýlymda çykyş edip biler. TechCrunch-iň habar bermegine görä, sosial ulgam üýtgeşmeleri resmi taýdan tassyklady...
Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar...
Sosial ulgamlar esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden, gazetlerden, habar saýtlaryndan we beýleki adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden öňe geçýär. Bu barada Oksford uniwersitetiniň Reuters Institute for the Study of Journalism merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar...
Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...
Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi...
Instagram sosial toruna eýelik edýän Meta korporasiýasy ABŞ-da «Referrals» maksatnamasyny işe girizdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde mazmun döredijiler täze ulanyjylary ýa-da trafik çekmek arkaly pul gazanyp bilerler...
Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr. Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär...
2025-nji ýylyň mart aýynda ChatGPT ilkinji gezek dünýäde iň köp ýüklenen programma boldy – ol TikTok bilen Instagram-y hem geçdi. App Figures analitik kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, geçen aýda OpenAI...
Similarweb hyzmaty ulanyjylaryň dürli web sahypalarda ortaça näçe wagtyny sarp edýändigi baradaky maglumatlary çap etdi. Reýting 2025-nji ýylyň fewral aýynda YouTube-yň bu görkeziji boýunça öňdebaryjy bolandygyny...