2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

  • 03.03.2026 23:28
  • 7k+

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär.

Öňdebaryjylygy Google bilen YouTube saklaýar. Google-yň ýeke özi soňky yzýanyndaky bäş saýtyň jemi sanyndanam köp adamy özüne çekýär, YouTube bolsa dünýäniň iň iri wideo platformasy hökmündäki derejesini saklaýar.

Beýleki öňdebaryjylar kem-kemden üýtgeýär. ChatGPT iň köp girilýän saýtlaryň birine öwrüldi, bu bolsa emeli aň gurallarynyň çalt ýaýraýandygyny we olaryň tehnologik täzeliklerden gündelik iş gurallaryna öwrülýändigini görkezýär. 2026-njy ýylyň ýanwarynda saýt 5,5 milliard girişi hasaba alyp, dünýäde bäşinji orny eýeledi.

Şeýle hem, Semrush kompaniýasynyň iň soňky trafik maglumatlaryna görä, ilkinji 20-lige Bing, DuckDuckGo we Yahoo gözleg ulgamlary, Facebook, Instagram, X we TikTok sosial torlary, Amazon we Temu elektron söwda saýtlary, şeýle hem Netflix we Weather ýaly hyzmatlar girýär.

Ilkinji 20 saýtyň köpüsi amerikan kompaniýalaryna degişli, ýöne sanawda beýleki ýurtlaryň platformalary hem görkezilýär, bu bolsa sanly gurşawyň global häsiýetlidigini nygtaýar.


19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:38
601

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....