Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

  • düýn 19:38
  • 308

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy.

Geçen ýylyň awgustyndan bäri bu serwis 100 milliona golaý täze ulanyjyny özüne çekdi. Meta kompaniýasy ösüşiň bu soňky tapgyryny platformada «Community» funksiýasynyň işe girizilmegi bilen baglanyşdyrýar.

Şu ýylyň iýul aýynda platformanyň döredilenine üç ýyl dolýar. Ilkinji döwürlerde ulgamyň ösmegine Instagram we Facebook bilen baglanyşyk kömek eden bolsa, kompaniýanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda has köp ulanyjy Threads programmasyna göni girýär. Bu serwisiň meşhurlygy, aýratyn-da, Aziýada örän çalt ýokarlandy. Günorta Koreýada ulanyjylaryň bu programmada geçirýän wagty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 80%, Ýaponiýada bolsa 130% artdy. 

Şu ýyl Meta kompaniýasy 200-den gowrak ýurtda Threads ulgamynda mahabat görkezip başlady we platformanyň mümkinçiliklerini giňeltmegini dowam edýär. Täze aýratynlyklaryň arasynda jemgyýetleri gözlemek merkezi, işjeň gatnaşyjylary bellemek ulgamy, şeýle hem şu ýylyň iýul aýynda işe girizilmegine garaşylýan janly çatlar funksiýasy bar.

Dürli baha bermelere görä, häzirki wagtda X platformasynyň işjeň ulanyjylarynyň sany 560 milliondan 580 million aralygynda üýtgeýär.


16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......