Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

  • şu gün 16:18
  • 1.5k+

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň maliýe we tehniki serişdelerini emeli aňy ösdürmäge gönükdirmek meýilnamasy bilen baglanyşyklydyr.

Kompaniýa ýolbaşçysynyň işgärlere ýollan içerki hatynyň mazmuny barada CNBC telekanaly habar berdi. Sukerberg öz ýüzlenmesinde işgärleriň azaldylmagynyň kompaniýanyň ileri tutýan ugurlarynyň üýtgemegi bilen şertlendirilendigini belledi.

«Biziň öňde goýan maksatlarymyza we şu kompaniýanyň ösmegine öz goşandyny goşan adamlar bilen hoşlaşmak elmydama gynançly» – diýip, Sukerberg ýazdy we işgärlerine bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Onuň sözlerine görä, emeli aň «biziň döwrümiziň iň möhüm tehnologiýasydyr», bu ugurda öňdebaryjy orunlary eýelejek kompaniýalar bolsa tehnologiýalaryň geljekki nesliniň ösüşini kesgitlejek güýçler bolar.

CNBC-niň berýän maglumatyna görä, munuň bilen bir wagtyň özünde 7 müňe golaý işgär emeli aň bilen baglanyşykly täze wezipelere geçiriler. Işden çykarmalar EA infrastrukturasy, esasy modelleri işläp taýýarlamak we monetizasiýa bölümlerine täsir etmez.

Şeýle hem Sukerberg şu ýylyň dowamynda kompaniýanyň mundan başga uly göwrümli işden çykarmalary meýilleşdirmeýändigini aýtdy.

Ýatlap geçsek, maý aýynyň başynda şeýle çäreleri Oracle kompaniýasy hem iş ýüzüne geçiripdi. Kompaniýa emeli aňy ösdürmek we maglumat merkezlerini gurmak strategiýasyna geçmegiň çäginde bütin dünýä boýunça, takmynan, 30 müň işgärini azaltdy.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
961

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......