Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

  • 08.05.2026 11:11
  • 3.5k+

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli aňy okatmak üçin millionlarça kitaby bikanun ýollar bilen ulanmakda aýyplaýarlar.

Aýyplamada bu bikanun işlere Sukerbergiň hut özüniň rugsat berendigi aýdylýar. Maglumatlara görä, Meta kompaniýasy awtorlyk hukugy goralýan eserleri dürli garakçy saýtlardan we torrentlerden göçürip alypdyr. Hatda kompaniýanyň içki resminamalarynda bu maglumatlaryň ogurlykdygy-da anyk ýazylypdyr.

Aslynda, Meta bu kitaplary kanunylaşdyrmak üçin 200 million dollar tölemek barada gepleşikler hem geçirip başlapdyr, ýöne Sukerbergiň özi bu tölegi amala aşyrmagy bes etmegi buýrupdyr. Ol pul tölemegiň ýerine, Amerikan kanunçylygyndaky «mugt ulanmak» düzgüninden peýdalanmagy makul görüpdir.

Kazyýete berlen maglumatlarda görkezilişi ýaly, ogurlanan materiallaryň mukdary 267 terabaýta ýetýär. Bu bolsa ýüz millionlarça neşir diýmekdir. Ýazyjylar we neşirýatlar häzirki emeli aňyň adamyň ýazuw stiline meňzedip, asyl eserleriň ýerini tutýan täze zatlary döredýändigine we onuň «ogurlyk enjamyna» öwrülendigine gaharlanýarlar.

Meta kompaniýasynyňkylar bolsa bu aýyplamalara garşy kazyýetde berk durjakdyklaryny bildirdi. Olaryň pikiriçe, emeli aňy bar bolan kitaplarda okatmak täze bir tehnologiýany döretmek bolup durýar we bu kanuna asla ters gelmeýär.


19.06.2026 19:38
630

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......