Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli maşgalalara täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

  • 26.05.2026 15:44
  • 11k+

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna il sylagly ýaşulular, eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar we halk köpçüligi gatnaşdy.

Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly 60 öýli we 5 gatly 80 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary açyldy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy we täze öýleriň açarlary bagtyýar maşgalalara dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary, eýwanlary we aşhanalary kämil durmuş tehnikalary hem-de ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilip, jaýlaryň daş-töwereginde çagalaryň oýun meýdançalary we dabaralary geçirmek üçin ýörite desgalar guraldy.

Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda bolsa 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Jaýlar ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara laýyk gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdelerini ulanmak bilen guruldy we bezeldi. Bu ýerde bagtyýar ýaşamak we dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilip, kottejleriň töwereginde bagy-bossanlyk emele getirildi. Şeýle hem ýol-ulag we inženerçilik ulgamlary bilen bir hatarda, ilatyň gündelik sarp edýän harytlaryny üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde täze iki sany söwda we hyzmatlar öýi işe girizildi.

Açylyş dabalarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....