Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

  • 02.06.2026 17:31
  • 1.4k+

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler.

Konsertiň başlanjak wagty 19:00-a meýilleşdirildi.

Diňleýjiler üçin bütin dünýäde tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanan meşhur animasiýa filmleriniň saz eserlerinden we mukamlaryndan ybarat bolan maksatnama taýýarlanyldy.

Simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde «Şa Ýolbars», «Ýokaryk», «Koko», «Tarzan», «Kung-fu panda», «Eldorada barýan ýol», «Ratatuý», «Doňan ýürek», «Meri Poppins», «Notr-Damly bükür», «Enkanto», «Moana», «Madagaskar» we beýleki köp sanly animasiýa filmleriniň sazlary ýaňlanar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu konsert dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin niýetlenip, tanyş saz temalaryny täzeçe simfoniki işlenilişde diňlemäge ajaýyp mümkinçilik döreder.

Biletleri şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: 72 45 12, (+993) 63 46 71 77, 26 69 17, 51 41 57 we (+993) 64 03 74 56.


şu gün 14:28
676

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

düýn 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......