Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

  • düýn 23:12
  • 828

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial torunda (öňki Twitter) iki hepdede 3,8 milliondan gowrak gezek diňlenildi.

Bu taslama çagalaryň yzygiderli aglamagy sebäpli stressi başdan geçirýän ene-atalary goldamak baradaky başlangyjyň bir bölegi hökmünde amala aşyryldy. Bu pikir barlaghananyň işgärleriniň öz iş tejribesinde emosional ýadawlyk we dogrumdan soňky depressiýa sebäpli çagalara ýowuz daraşylýan ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolanlaryndan soň döredi.

Dowamlylygy 14 minut töweregi bolan bu kompozisiýa saz gutujygynyň owazyny hem-de deňiz tolkunlarynyň sesini we adamyň ukuda wagtyndaky dem alşyny ýatladýan «gülgüne sesi» utgaşdyrýar.

Saz ýazgysy neşir edilenden soň, guramanyň internet saýtyna 350 müňe golaý adam girip gördi.

Barlaghananyň ýolbaşçysy Musutoşi Muraoka bu saz döredilende uky boýunça we dürli sesleriň adam bedenine ýetirýän täsirleri baradaky ylmy barlaglaryň netijelerinden peýdalanylandygyny habar berdi.

«Men, iň bolmanda, 30 minut dynç almaga mätäç bolan ene-atalara we çagalar baglarynyň terbiýeçilerine kömek etmek isleýärin» – diýip, Muraoka aýtdy. Şol bir wagtda ol bu sazyň her bir bäbege deň derejede täsir etmejekdigini hem nygtady.

Hünärmen sazyň ölçeglerini — depginini we ses belentliginiň çäklerini kesgitläp, soňra sazy ýazmagy barlaghananyň işgäri Sinsuke Sibutaniýa tabşyrdy. Ol bolsa bu işi üç günüň içinde tamamlady.

Bu sazy barlaghananyň saýtyndan iýun aýynyň ahyryna çenli mugt ýükläp almak bolýar.


düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....