Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady.
Sişenbe güni düzgünleşdiriji guramanyň işgärleri Meiji, Morinaga Milk Industry, Lotte, Morinaga, Ezaki Glico we Akagi Nyugyo kompaniýalarynyň baş edaralarynda barlag geçirdiler. Komissiýa olaryň monopoliýa garşy kanunçylygy bozmakda we önümleriň bahasyny ýokary derejede saklamak üçin özara dildüwüşmekde şübhe astyna alnandygyny mälim etdi.
Çeşmede meşhur önümleriň köp görnüşiniň bölek satuw bahasynyň birnäçe ýylyň dowamynda yzygiderli 5–10 göterim ýokarlandyrylandygy aýdylýar. Derňewçiler bahalaryň üýtgemeginiň sebäplerini öwrenýärler.
Düzgünleşdiriji guramanyň çaklamasyna görä, öndürijileriň çig mal we goşundy önümleriň gymmatlamagyny bahanalap, öz girdejilerini artdyrmak üçin bilelikde hereket eden bolmaklary mümkin.
Derňew işleri dowam edýär.