Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar häzir şol bir wezipelere ýene-de täze işgärleri gözläp başladylar.
Mundan ozal köp sanly IT-ägirtleri gysgaltmalar barada yglan edipdiler. Mysal üçin, Meta emeli aňa maýa goýmak üçin işgärleriniň takmynan 10%-ini işden boşatdy, Cloudflare, Coinbase we PayPal kompaniýalary bolsa awtomatlaşdyrylan iş modeline geçýändiklerini mälim etdiler. Ýöne tejribede ykdysady netije garaşylany bermedi.
Birnäçe seljeriji agentlikler iş berijileriň awtomatlaşdyrmanyň netijelerinden ýaňa köpçülikleýin ruhdan düşendigini belleýär:
Forrester Research-iň maglumatyna görä, ýolbaşçylaryň takmynan 55%-i emeli aňyň ornaşdyrylmagy bilen bagly gysgaltmalara ökünýärler.
Gartner bolsa müşderiler bilen işleşmekde we operasion işlerde adamlaryň ornuna neýroulgamy goýan kompaniýalaryň 50%-e golaýynyň, bir ýylyň içinde şol wezipeleri (ähtimal täze atlar bilen) dikeltmäge mejbur bolandygyny belleýär.
Robert Half maslahat beriş kompaniýasy hem ABŞ-nda 2000 sany hakyna tutma menejeriň arasynda geçiren barlagyndan soň bu ýagdaýy tassyklady. Gatnaşyjylaryň 32%-i guramalarynyň ilki emeli aň sebäpli işgärleri işden çykarandygyny, soňra bolsa şol wezipeler üçin ýene-de täze adam tutandygyny aýtdy.
Menejerler algoritmleriň adamyň ýerini dolup bilmeýän esasy sebäplerini şeýle kesgitlediler:
Kontekstiň we tejribäň ýetmezçiligi (40%): Ýokary hilli iş üçin sanlaşdyryp bolmaýan inçe adam tejribesi we başarnygy gerek.
Gözegçilik zerurlygy (38%): EA ulgamlary garaşylandan has köp adam gözegçiligini talap edýär.
Pes öndürijilik (35%): Netijeliligiň hakyky ösüşi çaklanan görkezijilerden pes boldy.
Bu «bumerang» täsiri köp babatda maliýe, IT, HR (kadrlar), marketing, ýurisprudensiýa, saglygy goraýyş we müşderiler bilen işleşmek pudaklaryna degişlidir. Şunlukda awtomatlaşdyrmanyň işi ýok etmän, eýsem ýüküň paýlanyşyny üýtgedendigi we çuňňur bilimi bolan hünärmenlere bolan islegi artdyrandygy anyklanyldy.
Şeýle-de kompaniýalar maliýe taýdan hem ýalňyşandyklaryna düşündiler. Ştatdaky işgärleri yzyna çagyrmak, olaryň ýoklugyny dürli EA gurallaryny satyn almak we algoritmlere goşmaça gözegçilik etmek bilen doldurmaga synanyşmakdan has arzan we netijelidir.
Görşümiz ýaly, edil häzirlikçe-hä adamyň ornuny robot bilen başybitin çalşyp bolmaýar.