ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

  • düýn 21:19
  • 1.7k+

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp boldy.

Ýewropaly hünärmenler barlag geçirip, bu harytlaryň sarp edijiler üçin howpludygyny subut etdiler. ​Barlagda satylýan zarýad beriji enjamlaryň köpüsi tok urmak ýa-da ot çykmak töwekgelçiligi boýunça esasy synaglardan geçip bilmedi. Bäbekler üçin niýetlenen oýunjaklarda hem rugsat berlen mukdardan köp zäherli himiki maddalar tapyldy. Şeýle-de olarda çagalaryň düwünmegine sebäp bolup biljek ownuk bölejikleriň bardygy belli boldy.

Temu öz ulgamlaryny we meşhur blogerleri ulanyp, şeýle bikanun hem-de pes hilli harytlary adamlara aşa mahabatlandyrmakda aýyplandy.

​Derňew işleri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlapdy. Derňewiň barşynda hünärmenler özlerini tanatman haryt satyn alyp, olary ýörite barlaghanada synap gördüler.

​Ýewropa resmi edaralary Temu dükanynyň howplary gizlemäge synanyşandygyny we meselelere çynlakaý çemeleşmändigini öňe sürýär. Ýewropa Komissiýasynyň wise-başlygy Henna Wirkkunen bu barada şeýle diýdi:

​— Töwekgelçilikleri barlamak, diňe bir kagyz ýüzünde bellik goýmak däl-de, Sanly hyzmatlar baradaky kanunyň iň esasy talabydyr. Temu bolsa hakyky howplary azaldyp görkezýär, takyk maglumat bermeýär we meselelere ýüzleý garaýar

​Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda gözegçilik ediji edaralary-da, ulanyjylar hem bu internet dükanyndaky harytlaryň näderejede zyýanlydygyny doly bilmeýärler.

​Netijede internet dükanyna kemçilikleri düzetmek üçin şu ýylyň 28-nji awgustyna çenli wagt berildi. Temu kompaniýasy görkezilen wagta çenli düzgün bozulmalary aradan aýyrmagyň meýilnamasyny tabşyrmalydyr. Resminama Sanly hyzmatlar baradaky Ýewropa geňeşi tarapyndan seredilenden soň, Ýewrokomissiýa gutarnykly çözgüt kabul eder we talaplaryň ýerine ýetirilmeli möhletlerini kesgitlär. Görkezmeler ýerine ýetirilmese, kompaniýa goşmaça yzygiderli jerime salnyp biler.


düýn 11:57
2.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......

27.05.2026 10:41
2.7k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

26.05.2026 15:58
1.9k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......