Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy. Bu barada «AppleInsider» neşiri Chart Data statistika gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Kompaniýa reýtingiň nähili usul boýunça düzülendigini we diňlenmeleri hasaplamakda anyk haýsy döwürleriň göz öňünde tutulandygyny mälim etmedi. Muňa garamazdan, bu sanaw striming hyzmatynyň işlän döwründäki iň meşhur artistleri görkezýär.
Reýtingde birinji orny Drake, ikinji orny bolsa Teýlor Swift eýeledi. Ilkinji üçlügi Future jemledi. Orunlaryň köpüsini rep, hip-hop we pop-saz ugurlarynda işleýän artistler eýeledi.
20 artistiň doly sanawy şeýle görnüşde:
- Drake;
- Taylor Swift;
- Future;
- YoungBoy Never Broke Again;
- Bad Bunny;
- Lil Baby;
- The Weeknd;
- Morgan Wallen;
- Kanye West;
- Post Malone;
- Travis Scott;
- Ariana Grande;
- Chris Brown;
- Kendrick Lamar;
- Lil Durk;
- Gunna;
- Rod Wave;
- Ed Sheeran;
- Justin Bieber;
- Eminem.
Häzirki wagtda Apple kompaniýasy bu täze reýtingi Apple Music goşundysynyň içinde ýerleşdirmedi we hasaplamalaryň jemlerine bagyşlanan aýratyn makalany hem neşir etmedi.