Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

  • şu gün 07:24
  • 916

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy.

Bu ýeňiş topara 86 utuk toplamaga we ýaryş jedwelinde «Al-Hilýal» (84 utuk) hem-de «Al-Ahli» (81 utuk) toparlaryndan öňe geçip, birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. «Damak» bolsa 29 utuk bilen 16-njy ýerde galdy we ýokary diwiziondan çykdy.

Er-Riýad şäherinde geçirilen bu oýunda Ronaldu 62-nji we 80-nji minutlarda gol geçirip, dubl etmegi başardy. Toparyň beýleki gollaryny Sadio Mane (34) we Kingsli Koman (52) öz adyna ýazdy. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny bolsa 57-nji minutda penaltiden Morlaý Silla girizdi.

Häzirki wagtda 41 ýaşynda bolan Ronaldu möwsümde 28 gol geçirip, öz toparynyň iň netijeli oýunçysy boldy. Liganyň bombardirleriniň umumy sanawynda portugaliýaly ýyldyz ikinji orny eýeledi, birinji ýerde bolsa 32 gol bilen «Al-Ahli» toparyndan Aýwan Toni durýar.

Mundan ozal Ronaldu «Al-Nasr» toparynyň düzüminde diňe bir kubok gazanypdy — 2023-nji ýylyň awgustynda topar Arap çempionlarynyň kubogyny aldy, ýöne bu ýaryş ýoldaşlyk ýaryşy hasaplanýar.

Saud Arabystanynyň Pro-ligasyndaky bu ýeňiş portugaliýaly hüjümçiniň professional karýerasynda 34-nji resmi kubogy boldy. Ronaldu mundan ozal «Sporting» bilen 1, «Mançester Ýunaýted» bilen 9, Madridiň «Real» topary bilen 15, «Ýuwentus» bilen 5 (Saud Arabystanyna gelmezinden öň soňky kubogy 2021-nji ýylyň maýynda Italiýanyň kubogy bolupdy) we Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen 3 kubok gazandy.

Dünýäniň iň köp titul gazanan futbolçysy Lionel Messi (45) bolmagynda galýar, onuň yzyndan Dani Alwes (41), Markinýos (40) hem-de Hassan we Serhio Buskets (hersinde 39 kubok) gelýär.


17.05.2026 14:24
10k+

Nobatdaky şowsuzlyk: Ronaldu «Al-Nasr» bilen 14-nji kubogyny hem elden gidirdi

Düzüminde ýyldyz hüjümçi Kriştianu Ronaldu bolan topar nobatdaky kubokdan hem galdy. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň final oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» toparyndan 0:1......

12.05.2026 23:00
13k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

04.04.2026 15:00
9.9k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

03.04.2026 20:48
13k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....