Nobatdaky şowsuzlyk: Ronaldu «Al-Nasr» bilen 14-nji kubogyny hem elden gidirdi

  • 17.05.2026 14:24
  • 10k+

Düzüminde ýyldyz hüjümçi Kriştianu Ronaldu bolan topar nobatdaky kubokdan hem galdy. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň final oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» toparyndan 0:1 hasabynda garaşylmadyk ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşyk Er-Riýaddaky «Kingdom Arena» stadionynda geçirildi.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi oýnuň tutuş dowamynda meýdançada boldy, ýöne ol «Sofascore» analitiki portalyndan 5,9 bal aldy. Bu baha esasy düzümleriň 22 futbolçysynyň we bu oýunda ätiýaçlykdan meýdança giren 10 oýunçynyň arasynda iň pes görkeziji boldy.

Oýun başlamanka häzirki wagtda Saud Arabystanynyň milli çempionatynda ynamly öňde barýan we çempionlyk titulyndan diňe bir ädim uzakda duran «Al-Nasr» topary bu bäsleşigiň gürrüňsiz faworiti hasaplanýardy.

Oýundan öňki çaklamalara garamazdan, saud klubunyň ýapon toparyna garşy oýny ilkibaşdan şowly bolmady. Duşuşykdaky ýeke-täk we ýeňiş getiren goluň awtory 31-nji minutda «Gambanyň» futbolçysy Denis Hummet boldy. Oýnuň ikinji ýarymynda «Al-Nasryň» oýunçylary final duşuşygynyň gidişini üýtgetmek we hasaby deňlemek üçin elinden gelenini etdi, emma olaryň hüjüm hereketlerine takyk jemleýji urgy ýetmedi. Ýaponiýanyň kluby minimal artykmaçlygy soňky jürlewüge çenli saklamagy başardy we Aziýanyň klub derejesindäki ikinji möhüm kubogynyň eýesi boldy.

Elden giden bu titul Ronaldu üçin saud klubuna geçen gününden bäri mümkin bolan 14 resmi kubokdan eýýäm 14-nji boldy. Portugaliýalynyň «Al-Nasryň» düzümindäki ýeke-täk üstünligi 2023-nji ýylda gazanan Arap çempionlarynyň klub kubogy bolmagynda galýar, ýöne bu ýaryş resmi taýdan ýoldaşlyk ýaryşy hökmünde hasaba alynýar. Şol bir wagtda toparyň öz ýurdunda abraýyny dikeltmäge mümkinçiligi bar: penşenbe güni, 21-nji maýda Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki möwsümi tamamlanýar.

Çempionatynyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, «Al-Nasr» 83 utuk bilen ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär we özüniň iň ýakyn bäsdeşi bolan «Al-Hilýal» toparyndan iki utuk öňde barýar. «Al-Nasryň» iň soňky oýundaky garşydaşy bolsa ýaryşdan gaýtmakdan bir ädimde, ýagny 15-nji setirde duran «Damak» topary bolar.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

22.05.2026 07:24
9.9k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

12.05.2026 23:00
13k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......