Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

  • 18.05.2026 14:48
  • 3.9k+

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji waka boldy.

Wagtlaýyn gadagançylygy geňeşiň üç agzasy goldady, iki agzasy bolsa garşy çykdy. Bu kararyň kabul edilmegine ýerli ýaşaýjylaryň şikaýatlary hem-de uly göwrümli emeli aň toplumlarynyň sebitiň infastrukturasyna, energiýa ulgamyna we durmuşyna ýetirjek oňaýsyz täsirleri baradaky aladalar esas boldy.

Meseläniň döremegine Provident Data Centers kompaniýasynyň Hillsboro şäheriniň golaýynda amala aşyrmagy meýilleşdiren taslamasy esas boldy. Kompaniýa takmynan 1,2 inedördül kilometr meýdany tutýan ýer böleginde maglumat merkezleriniň şäherçesini gurmagy göz öňünde tutýar. Bu ýer şäher häkimliginiň ygtyýaryndan daşarda ýerleşýändigi sebäpli, ol ýerde taslamalaryň barlagdan we jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmalaryndan geçişi ýeňil bolýar.

Ýaşaýjylary elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy, enjamlaryň gohy, ätiýaçlyk generatorlarynyň işi we onuň ekologik netijeleri biynjalyk edýär. Okrug häkimiýetleri emeli aň üçin zerur bolan infrastruktura gurluşyklarynyň ösüş tizliginiň ýokarydygyny we şol zerarly sebitiň dolandyryş edaralarynyň şeýle taslamalaryň netijelerini oýlap-ölçermäge-de ýetişmeýändiklerini bellediler.

Komissar Jim Holkombuň hem nygtaýşy ýaly, käbir bähbitleri göz öňünde tutup, kompaniýalar düzgünleşdiriş we gözegçilik işleri iň pes bolan ýerleri ulanýarlar. Ýöne degişli ýolbaşçylar, mundan beýläk maglumat merkezleriniň energiýa ulgamyna we ýerli ilata ýetirýän täsirini has düýpli öwrenmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Bu karar eýýämden dürli çekişmelere sebäp boldy. Okrug prokurory girizilen wagtlaýyn gadagançylygyň kazyýet arkaly şikaýat edilip bilinjekdigini  duýdurdy.


şu gün 20:25
2k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
2.9k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......