ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller mälim etdi diýip, «USA Today» habar berýär.
«Amerikanyň gapylary gaçybatalga aljak bolýan şahslar üçin bütinleý ýapykdyr» – diýip, Miller žurnalistlere aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler gaçybatalga soraýan şahslary olary kabul etmäge taýyn bolan beýleki ýurtlara ugratmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, Miller ABŞ-nyň Meksika bilen serhedindäki gözegçiligi has-da güýçlendirmegi ýene bir gezek goldap çykyş etdi we günorta-günbatar serhetde gaçybatalga üçin ýüztutmalaryň esassyzdygyny belledi.
Mundan başga-da, ol ýurtda wagtlaýyn goralýan şahslaryň statusynda bolýan Gaitiniň raýatlaryny öz watanyna dolanmaga çagyrdy.
Mundan ozal ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti administrasiýa ýurtda kanuny esassyz gezip ýören Siriýanyň we Gaitiniň raýatlaryna wagtlaýyn gorag statusyny bermegi bes etmäge rugsat beripdi. Bu çözgüt ýüzlerçe müň adamy deportasiýa etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, kazyýet Meksikanyň çäginde bolýan daşary ýurtlularyň tä döwlet serhedinden geçýänçäler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelen diýlip hasaplanmajakdygyny kesgitledi. Çözgüde görä, immigrasiýa we raýatlyk baradaky kanun olara ABŞ-a girmänkäler gaçybatalga soramaga hukuk bermeýär we immigrasiýa edaralaryny şeýle ýüztutmalara garamaga borçly etmeýär.