ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze dizaýnyň suratlaryny özüniň Truth Social sosial ulgamynda paýlaşdy.
Pasportyň daşlygynyň içki tarapynda 1776-njy ýylyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň tekstiniň fonunda Trampyň doly boýuna suraty ýerleşdirilipdir. Prezident iş kabinetindäki meşhur «Resolute» ýazuw stoluna söýenip duran ýagdaýynda şekillendirilipdir. Portretiň aşagynda bolsa Trampyň şahsy goly bar.
Garşy tarapdaky sahypada Jon Trambullyň «Garaşsyzlyk Jarnamasy» atly suratynyň reproduksiýasy çap edilipdir. Aşagynda bolsa «Amerikanyň Birleşen Ştatlary 250» diýen ýazgy ýerleşýär.
Pasportyň daşky tarapynyň görnüşi hem üýtgedilipdir: «United States of America» ýazgysy has ulaldylyp, indi altyn şrift bilen ýazylypdyr, «Passport» sözi bolsa aşaky bölege süýşürilipdir.
«ABŞ-nyň täze pasporty, onda şeýle ýazylan: “Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!”» — diýip, Tramp täze dizaýna teswir berip, Truth Social ulgamynda ýazdy.
Döwlet departamentiniň wekili Tommi Pigott edaranyň «America250» baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýörite bezelen pasportlaryň çäklendirilen tapgyryny çykarmaga taýýarlyk görýändigini tassyklady. Ýurduň garaşsyzlygynyň ýubileýi mynasybetli Prezidentiň suraty bolan çäklendirilen tapgyrdaky pasportlary çykarmak meýilnamasy barada Döwlet departamenti aprel aýynyň ahyrynda yglan edipdi.
2026-njy ýylyň tomsunda maksatnama başlanandan soň, ABŞ-nyň islendik raýaty bu ýubileý resminamasyny resmileşdirip biler. Şeýle-de bolsa, pasportlaryň sany çäklendiriler we olary diňe Waşingtondaky pasport agentliginden alyp bolar.