Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu okuw ýylynda Aşgabat şäheri boýunça uçurymlaryň 12 müň 851-si, Arkadag şäheri boýunça 237-si mekdep bilen hoşlaşýar.
Şeýle-de Ahal welaýaty boýunça 14 müň 337, Balkan welaýaty boýunça 8 müň 680, Daşoguz welaýaty boýunça 23 müň 798, Lebap welaýaty boýunça 23 müň 700-e golaý, Mary welaýaty boýunça 25 müňden gowrak okuwçy mekdebi tamamlap, durmuşyň uly tapgyryna gadam basýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen gutlagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bilimler baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň siziň ähliňizde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary we ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn” diýip belleýär.
“Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur. Bu ýola hemişe eýerip, şöhratly taryhymyzyň bütin dowamynda ylma we bilime daýanan merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak bilen, abraýy dünýä dolýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine hem-de şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar, abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek we gurmak siziň — geljege ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiziň hem-de gyzlarymyzyň baş maksady bolmalydyr” – diýlip, gutlagda beýan edilýär.
Tamamlanan okuw ýylynda ýurduň mekdep okuwçylary halkara ders, taslama, internet hem-de «Altyn asyryň altyn zehinleri» döwlet bäsleşigine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallaryň ençemesine mynasyp boldular. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde paýtagtly okuwçylaryň 64-si baýrakly orunlary eýeledi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen III Halkara matematika olimpiadasynda 21 okuwçy ýeňiji boldy. Gazanylan medallaryň 6-sy altyn, 8-si kümüş, 7-si bürünç medallardyr.
Okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralary guralýar.