Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen

  • düýn 18:51
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi tarapyndan 1948 bellige alyş belgisi bilen resmi taýdan döwlet belligine alyndy.

Täze düzgünnama eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurtda hereket edýän ähli döwlet we döwlete dahylsyz bilim edaralaryna, pedagogik işgärlere hem-de okaýanlara degişlidir.

Şahsy ykjam tehniki serişdeler diýlip, ykjam telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar we smart sagatlar, şeýle-de internet toruna birikýän, surata düşürýän we ses-wideo ýazgylaryny edýän beýleki elektron gurluşlar göz öňünde tutulýar.

Resminama görä, şahsy ykjam gurluşlar bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin maglumat serişdesi hökmünde ulanylar. Ykjam gurluşlaryň ulanylmagy şu aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:

  • Häzirki zaman elektron bilim web-saýtlaryna we elektron kitaphanalara girmek;
  • Multimediýa kontentleri, ses, wideo we grafik faýllary bilen işleşmek;
  • Elektron kitaplary hem-de okuw gollanmalaryny saklamak we ulanmak;
  • Okuw ýumuşlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we amaly işleri ýönekeýleşdirmek.

Munuň üçin bilim edaralarynda degişli okuw-usulyýet toplumlarynyň, internet torunyň we ýörite programmalaryň üpjünçiligi ýola goýulmalydyr. Şeýle-de, bilim edaralary tarapyndan sapak wagtynda ykjam gurluşlary saklamak üçin ýörite ýerler dörediler.

Etika, saglyk we howpsuzlyk talaplary

Täze tertip diňe bir mümkinçilikleri däl, eýsem berk düzgünleri we etiki kadalary hem öňe sürýär. Resminamada görkezilen esasy talaplar şulardan ybarat:

  • Okaýanlar ykjam gurluşlary diňe mugallymyň rugsady bilen we diňe okuw maksatlary üçin ulanyp biler. Sapagyň dowamynda gurluşlar «sessiz» ýa-da «uçuş» düzgünine geçirilmelidir.
  • Mugallymlaryň we okaýanlaryň rugsady bolmazdan olaryň foto, wideo ýa-da ses ýazgylaryny etmek gadagan.

Bilim edaralary okaýanlary, olaryň ata-enelerini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary şu aşakdakylar bilen tanyşdyrmalydyr:

  • ykjam gurluşlaryň diňe okuw maksatly ulanylmaga degişlidigini;
  • olaryň uzak wagtlap ulanylan ýagdaýynda ýetirip biljek zyýanyny;
  • terrorçylygy, urşy wagyz etmek, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy wagyz edýän, zyýanly kontentleri ýaýratmak bilen meşgullanýan maglumat çeşmelerine girmekden saklanmagy;
  • umumy kabul edilen edeplilik kadalaryna gabat gelmeýän hereketleri etmekden saklanmagy.

Düzgünleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri hem-de mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasarlary amala aşyrar.


04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 16:40
6.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....