Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

  • 04.06.2026 11:54
  • 2k+

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw tertibini ýitiren we yzygiderli okuwa gaýtadan başlamak isleýänler üçin niýetlenendir.

Aksiýanyň şertlerine görä, öň azyndan 30 gün dowam eden seriýasy bolan ulanyjylar, yzly-yzyna üç sapagy tamamlamak bilen ony yzyna gaýtaryp bilerler. Munuň üçin oýun içindäki walýutany ýa-da hakyky puluňyzy sarp etmek gerek däl. Bu mümkinçilik "Android" we "iOS" mobil goşundylarynda elýeterlidir.

Kompaniýada düşündirmeklerine görä, diňe bir rekordy — ozal ýitirilenleriň iň uzynyny dikeldip boljakdygy düşündirildi. Eger ulanyjy birnäçe seriýany ýitiren bolsa, ulgam olaryň arasyndan iň uzynyny saýlar. Şunda dikeldilen seriýa häzirki seriýa bilen jemlenmeýär. Meselem, eger öň 1000 günlük seriýa bolup, ol üzülen bolsa we täzesi 200 güne ýeten bolsa, aksiýa gatnaşylandan soň 1200 günlük jemlenen däl-de, 1000 günlük rekord dikeldiler.

Hyzmatyň wekilleri ulanyjynyň ygtyýarynda bolmadyk ýagdaýlar sebäpli uzyn okuw seriýasynyň ýitirilmeginiň köplenç okuwa bolan höwesi peseldýändigini belleýärler. Täze aksiýa okuwçylara gündelik tejribä gaýtadan başlamaga kömek etmegi maksat edinýär.

Teklip diňe 2026-njy ýylyň iýun aýynda hereket edýär. Okuw seriýasyny ýitirmedik ulanyjylar goşunduda degişli habarnamany almazlar.


19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 18:51
9.6k+

Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi......

04.06.2026 17:17
6.2k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 16:40
6.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......